Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala Özbegistanyň Daşkent şäherinde “ÝB-Merkezi Aziýanyň ýaş liderleriniň maslahaty: Suwy durnukly peýdalanmak boýunça hereketleriň häsiýetini üýtgetmek?” maslahatyny gurnady
2024-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde “ÝB-Merkezi Aziýanyň ýaş liderleriniň maslahaty: Suwy durnukly peýdalanmak boýunça hereketleriň häsiýetini üýtgetmek?” sebitleýin maslahaty geçirildi. Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili we Özbegistan Respublikasynyň Ýaşlar boýunça agentligi bilen hyzmatdaşlykda Demirgazyk halkara uniwersiteti, hem-de “UzReportTV” maglumat agentligi tarapyndan gurnaldy we Merkezi Aziýadan 100-den gowrak ýaş liderleri ýygnady. Ýaş wekiller suwy peýdalanmagyň netijeliligi, ykdysadyýet we Ýewropa Bileleşiginden hem-de sebitden utgaşdyryjylaryň kömegi bilen suw diplomatiýa ýaly özara gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Özüniň başlangyç sözlerinde ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala “diňe hyzmatdaşlyk, özara gepleşik we umumy garaýyşlar bilen biz ýagdaýy düýbünden üýtgedip, üstaşyr suwlary dolandyrmak boýunça durnukly jogaplary gazanyp biljegimizi” nygtap geçdi. Ol Merkezi Aziýa döwletlerini, Ýewropa Bileleşigi ýaly hyzmatdaşlaryň ýardam bermeginde, bu wajyp mesele boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrdy.
Özbegistan Respublikasynyň Suw baýlyklary ministri Şawkat Hamraýew bu pikiri gollady hem-de Merkezi Aziýanyň bäş döwletleri bilen we has giň sebitleýin hyzmatdaşlar bilen özara gepleşikleriň çuňlaşmagynyň zerurlygyny belläp geçdi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň maslahatçysy, Prezidentiň halkara ekologiýa hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Zulfiýa Suleýmenowa maslahatyň gatnaşyjylaryna wideoýüzlenme bilen çykyş etdi, we onda Merkezi Aziýa sebitiniň howanyň üýtgemegi we suw baýlyklary meselesiniň çözülmegi üçin hyzmatdaşlygyň nusgasy we täzelikleriň merkezi bolup biljekdigini nygtady. Gazagystan, Merkezi Aziýada suw we energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin goňşulary bilen işleşmäge aýratyn üns berip, AHHG ýolbaşçylyk edýän döwründe serhetaşa hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýär. Hanym Suleýmenowa gatnaşyjylara Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek COP16 BMG-nyň çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň (UNCCD) nobatdaky ýokary derejeli mejlisiniň çäginde bilelikde "Bitewi suw sammitini" gurnajakdygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň baş inženery Arslangeldi Amanmyradow suw baýlyklaryny netijeli we durnukly dolandyrmagy gazanmakda tehnologiki ösüşiň we täzelikleriň möhüm ornuny belläp geçdi. Ol hem, beýleki çykyş edenler bilen bir hatarda, bu oýlap tapmalaryň suw baýlyklaryny dolandyrmak meselelerini netijeli çözmek üçin zerurdygyny nygtady. Ähli çykyş edenler hem, ýaş nesiliň täze tehnologiýalar barada bolan bilimleriniň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we durnukly suwy peýdalanmagy üpjün etmek üçin netijeli ulanmaly möhüm serişdedigini kabul etdiler.
Ýaş liderleriň gatnaşmagynda geçirilen iş mejlisleriniň dowamynda gatnaşyjylar sebitleýin institutlaryň pugtalandyrylmagynyň we maýa goýum çemeleşmeleriň güýçlendirilmeginiň wajyplygyny kabul etdiler. Şeýle hem bolsa, olar bir wagtda giň gerimli özgerişlere ymtylmakdan, milli derejesinde kiçi göwrümli üýtgeşmeleriň gazanylmagynyň hemmeler üçin hakykata ýakyndygyny we möhüm başlangyç nokadynyň bolýandygyny bellediler. Gatnaşyjylar mümkinçilikleri artdyrmak we bähbitleri saklamak boýunça başlangyçlaryň ähmiýetini, şeýle hem suw bilen baglanyşykly çözgütler barada bilimleri geçirmegiň wajyplygyny tassykladylar. Gatnaşyjylar sebitdäki bilim maksatnamalarynyň çäginde we ýaranlar bilen hyzmatdaşlykda suw çeşmeleri boýunça okuw maksatnamalaryny ösdürmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.
Maslahatyň açylyşyna hökümetleriň we sebitleýin guramalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Soňra bolsa, durnukly suw syýasaty we Merkezi Aziýada suw çökgünlik meselesini çözmekde ýaşlary çekmek ugrunda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan iki sany mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Mundan başga-da, tutuş çäräniň dowamynda suw bilen baglanyşykly çemeleşmeler öwredilen, gepleşikler janlandyrylan we gatnaşyjlaryň amaly çözgütleri işjeň tapmagy höweslendirilen birnäçe interaktiw seminarlar geçirildi.
Maslahat, suw baýlyklaryny dolandyrmak we adamlaryň arasynda aragatnaşyk meseleleri boýunça ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasynda aragatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy boýunça Bilelikdäki ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegine, şeýle ehm Merkezi Aziýada we beýleki sebitlerde sebitleýin özara gepleşikleri we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär.