This isn't an official website of the European Union

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Terhi Hakala, sebite hoşlaşyk saparyny amala aşyrar

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Ilçi Terhi Hakala, ýakyn günlerde sebite hoşlaşyk saparlaryny amala aşyrar. Bu saparlar onuň ýerine ýetiren işlerini (mandat) seljermäge we ÝB-niň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny artdyrmaga bolan çemeleşmesini pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Saparlarynyň dowamynda, ilçi Terhi Hakala Gazagystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky hyzmatdaşlary bilen, şol sanda döwlet işgärleri we raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen hem duşuşyklary geçirer.

2021-nji ýylyň iýul aýynda wezipesine geçen pursadyndan başlap we ÝB agza-döwletler tarapyndan goldanan yzygiderli iki sany mandatlardan soň, ilçi Terhi Hakala degişli ýurtlar bilen aragatnaşyk, howpsuzlyk, energetika, howanyň üýtgemegi, suw baýlyklary, kanunçylyk, bilim, aýallara we gyzlara ünsi jemlemek bilen adam hukuklary ýaly meseleleri gurşap alýan köpugurly sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmekde öz ünsüni jemledi.