This isn't an official website of the European Union

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar

Hyzmatdaşlyk şertnamasy Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmazdan ozal 2010-njy ýylda güýje giren Wagtlaýyn söwda şertnamasy we söwda bilen baglanyşykly meseleler esasynda alnyp barylýar.

Syýasy gatnaşyklar

ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi tarapyndan 2019-njy ýylyň iýun aýynda kabul edilen Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýanyň çäginde ösýär. Ýokary wekil hem-de Ýewropa Komissiýasy tarapyndan “ÝB we Merkezi Aziýa: Güýçli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri” atly bilelikdäki aragatnaşyk bilen birlikde bu täze Strategiýa ýakyn ýyllarda ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşygy üçin täze syýasat binýadyny üpjün edýär. Merkezi Aziýada durnuklylygy, abadançylygy we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde soňky ýyllarda sebitde ösen täze dinamikany, sebit hyzmatdaşlygynyň täze güýjüni we Ýewropa bilen Aziýany sebitde birleşdirmegi maksat edinýän başlangyçlaryň çalt ösmegini görkezýär.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar

Hyzmatdaşlyk şertnamasy Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmazdan ozal 2010-njy ýylda güýje giren Wagtlaýyn söwda şertnamasy we söwda bilen baglanyşykly meseleler esasynda alnyp barylýar.

Bu Ylalaşygyň çäginde ÝB we Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn bilelikdäki komitetiň ýyllyk ýygnaklaryny geçirýärler. Maslahatlaşylýan ugurlaryň içine: (i) söwda we ykdysadyýet; (ii) ÝB-Merkezi Aziýa strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi; (iii) syýasy we ykdysady ösüşler; (iv) ÝB ösüş hyzmatdaşlygy maksatnamalarynyň esasy taraplary ýaly birnäçe meseleler girýär. Bilelikdäki komitetiň 21-nji ýygnagy 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda guraldy.

Ýewropa Parlamenti bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklar Mejlisara ýygnaklaryň mehanizmi arkaly amala aşyrylýar.

Soňky ÝB-Türkmenistan Mejlisaraara ýygnagy 2023-njy ýylyň 19-21 iýunda Aşgabatda geçirildi.

COVID-19-a garşy göreşmek boýunça Ýewropa Bileleşiginiň ýardamy

ÝB we oňa agza döwletler Merkezi Aziýa üçin 123 million ýewro gönükdirdi. ÝB 2020-nji ýylyň iýulynda Gazagystana we Türkmenistana gönükdirilen 3 million ýewrolyk Merkezi Aziýa COVID-19 Krizise garşy raýdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän bu maksatnama pandemiýanyň häzirki ýaýramagyny azaltmak we milli saglyk ulgamlarynyň uzak möhletleýin durnuklylygyna goşant goşmak üçin goldaw berýär.

Söwda we ykdysady gatnaşyklar

ÝB bilen Türkmenistanyň Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek Ähtnamasy (2008) energiýa syýasaty, üstaşyr ýollaryň diwersifikasiýasy we täzelenýän çeşmeler hem-de energiýa netijeliligi barada maglumat alyş-çalşyny ýeňilleşdirýär.Bu Ähtnamanyň çägindäki soňky duşuşyk 2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Merkezi Aziýa/Türkmenistan bilen söwda boýunça has giňişleýin maglumat.

Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygy barada has giňişleýin maglumat.

 

Ösüş we hyzmatdaşlyk

ÝB-niň Ösüş hyzmatdaşlygy guraly (DCI) ýurtdaky ösüşi üpjün edýär. Bu nukdaýnazardan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk taslamalary ykdysady özgertmelere, hususylaşdyrmaga, bilime, mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga, netijeli dolandyryşa we kanunyň hökmürowanlygyna hem-de durnukly energiýa gönükdirilýär.

ÝB 2011-2013-nji ýyllar aralygynda bilim,  hukuk özgertmelerine, adam hukuklaryny öňe sürmäge we durnukly ösüş üçin ykdysady hem-de sosial pudak reformalaryna umumy bahasy takmynan 39 million ýewra barabar bolan kömek pulyny gönükdirdi.

ÝB-niň 2014-2020-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn kömegi bilime we hünär okuwyna gönükdirilendir (2014-2017-nji ýyllar üçin 37 million ýewro). ÝB we Türkmenistan Merkezi Aziýa respublikalarynyň hemmesini öz içine alýan sebitleýin çemeleşmäniň çäginde hyzmatdaşlyk edýär. Sebitleýin hyzmatdaşlyk taslamalary bilim, kanunyň hökmürowanlygy, suw we daşky gurşaw, serhet dolandyrlyşy, neşe serişdeleriniň bikanun satylyşyna garşy göreş, hususy pudagyň ösüşi, maýa goýumlaryna goldaw, Merkezi Aziýada bäsdeşlik, söwda we beýleki ugurlardan ybaratdyr.

Adam hukuklary

ÝB-niň Türkmenistan üçin adam hukuklary syýasaty aşakdaky ileri tutulýan ugurlardan ybaratdyr:

  • Adam hukuklaryny durmuşa geçirmek: adam hukuklary kanunlaryny we konwensiýalaryny durmuşa geçirmek üçin jemgyýetçilik hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak.
  • Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler tarapyndan maliýeleşdirilýän birnäçe taslamanyň durmuşa geçirilmegi esasanam: (a) Türkmenistanyň Döwlet gullukçylary akademiýasynyň we degişli döwlet edaralarynyň, şol sanda Adam hukuklary institutynyň okuw mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak; (b) Türkmenistanyň kazylary we aklawçylary üçin adam hukuklary konwensiýalary boýunça okuw; c) kanunyň hökmürowanlygy ýaly ugurlar bu maksada ýetmäge ýardam eder,
  • Kazyýet we türme reformasy: kazyýet we türme ulgamlarynyň reformalaryny, şeýle hem türmelere bolan ygtyýary goldamak.

Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler tarapyndan maliýeleşdirilýän anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, esasanam Ombudsmeniň tussaglaryň ýagdaýyna seretmekdäki orny bu maksada ýetmäge ýardam berer.

  • Birleşmek we söz azatlygy: raýat jemgyýetini we adam hukuklaryny goraýjylary goldamak. Raýat jemgyýeti guramalarynyň işlemegi üçin has amatly gurşawyň döredilmegi Türkmenistanyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

YB-Türkmenistan adam hukuklary gepleşikleri

Adam hukuklary ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm tarapy. 2008-nji ýylda adam hukuklary boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler başlaly bäri, ÝB her ýyl türkmen häkimiýetleri bilen şeýle ýygnaklary geçirýär, bu adam hukuklary we demokratiýa bilen baglanyşykly birnäçe meselede, şol sanda: türme şertlerinde konstruktiw we açyk pikir alyşmaga mümkinçilik berýär; gynamalar we zor bilen ýitirim bolmak; kazyýet özgertmeleri we kanunyň hökmürowanlygy; birleşmek, pikir we ynanç azatlygy; we garaşsyz Ombudspersonyň edarasynyň roly.

ÝB-niň adam hukuklary boýunça wekili

R. Vrubel
Syýasy geňeşçi
Ahli soraglar üçin emeýla ýazyň: [email protected]
Habarlaşmak üçin telefon: +993 12 344677

Global Gateway

“Global Gateway” – bu bütin dünýä boýunça sanly, energetika we ulag pudaklarynda akylly, arassa we howpsuz aragatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen Ýewropa Bileleşiginiň hyjuwly strategiýasydyr. Ol BMG-niň 2030-njy ýyl üçin Maksatnamasyna, Durnukly ösüşiň maksatlaryna we Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna doly laýyk gelip, saglygy goraýyş, bilim we ylmy barlaglar ulgamlaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

“Ýewropa Topary” başlangyjynyň kömegi bilen ÝB, onuň agza-döwletleri, şeýle hem maliýe we ösüş institutlar şahsy pudak bilen bilelikde işlärler. Bu hyzmatdaşlyk bütin dünýä boýunça özgerişli täsir getirjek maýa goýumlaryň ykjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Ýewropa Bileleşiginiň işewürlik gurşawyny gowylandyrmak bilen bir wagtda, Türkmenistanyň has durnukly, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek boýunça tagallalaryny goldamak niýeti bar. Bu ymtylma Ýaranlyk we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň (ÝHY) Ýewropa Parlamenti tarapyndan ykrar edilmegine garaşyp, 2010-njy ýyldan bäri hereket edip gelýän Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda söwda we söwda bilen bagly meseleler boýunça wagtlaýyn ylalaşyk bilen nygtalýar.

2019-njy ýylyň iýun aýynda yglan edilen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyna laýyklykda, Geňeşiň degişli kararlary we Global Gateway” strategiýasy bilen ÝB sebit bilen bilelikde işlemegiň jikme-jik çyzgysyny işläp düzdi.

2021-2027-nji ýyllar üçin Köpýyllyk indikatiw maksatnamasynyň (KIM) çäklerinde, Hoşnyýetli goňşy gatnaşyklar, ösüş we halkara hyzmatdaşlyk guralynyň (HGGÖHH-Bütindünýä Ýewropa) ýardam bermeginde ÝB Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin 18 mln € çykardy.

Biziň Türkmenistandaky öňdebaryjy başlangyçlarymyz:

Suw, howanyň üýtgemegi we energetika

Sebit derejesinde suw we energetika çeşmelerini toplumlaýyn gowylandyrmaga gönükdirilen bu başlangyç, “Ýewropa Topary” ýörite sebitleýin başlangyjynyň üsti bilen “ýaşyl” geçişe maýa goýumlary artdyrmagy öz içine alyp, Merkezi Aziýada azyk howpsuzlygyny, iş orunlarynyň döredilmegini we durnukly ösüşi goldaýar. 

Sanly aragatnaşyk

Sanly goşulyşmak üçin goldawly gurşawy döredip, bu başlangyç,  gowşak jemgyýetler üçin “soňky milýa” elýeterliligi giňeldip we kiberhowpsuzlygy üpjün edip, hem-de şol bir wagtda durnuklylygyň we inklýuziwliligiň ýokary standartlaryny goldap, kadalaşdyryjy we kanuny özgerişleriň geçirilmegine ýardam berýär.

Ulag

ÝB, Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag aragatnaşyklarynyň ylmy-barlaglarynyň maslahatlaryna laýyklykda, Merkezi Aziýa, şol sanda hem Türkmenistan bilen Hazarüsti geçelgesi boýunça ulag gatnawlaryny gowylandyrmakda öz gatnaşygyny artdyrmak işine çuňňur ygrarlydyr.

“Ýaşyl” ykdysadyýet

Bu pudakda goldaw, syýasat meseleleri boýunça gepleşiklere we metan zyňyndylaryny azaltmakda tehniki kömege, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Işewürlik ýagdaýy

Bu ugurdaky tagallalar mikro, kiçi we orta kärhanalary (MKOK) dolandyrýan aýal maşgalalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns bilen ykdysady ösüşi we ygtybarly işlemek üçin mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Raýat jemgyýeti

Milli derejesinde syýasy gepleşiklere gatnmaşmak üçin Türkmenistanyň raýat jemgyýeti guramalarynyň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Bu jemgyýetçilik pudagy, maýyplar, daşky gurşaw, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly dürli pudaklarda milli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň işlenip düzülmeginde, durmuşa geçirilmeginde we gözegçilik edilmeginde gatnaşygy öz içine alýar. ÝB-niň goldawy, şeýle hem, sosial inklýuziwlik, jyns deňligi, ykdysady ösüş we ekologiki durnuklylyk bilen baglanyşykly syýasaty işläp düzmek we durmuşa geçirmek amallaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin aýallaryň, gyzlaryň we ýaşlaryň seslerini güýçlendirmekden ybaratdyr.