Türkmenistanda Serhetleri toplumlaýyn dolandyrmagyň strategiýasynyň ýörelgeleri boýunça milli okuwy geçirildi

2025-nji ýylyň 3-7 fewral aralygynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň BOMKA 10 Maksatnamasy tarapynda gurnalan, serhetleri toplumlaýyn dolandyryş strategiýasyny we ony durmuşa geçirmek meýilnamasyny düzmek boýunça milli okuwy geçirildi. Serhet we migrasiýa gözegçiligi, jenaýat agtaryş we derňew, gümrük we fito-weterinariýa gözegçiligi ýaly serhet howpsuzlygyny üpjün edýän Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilçilik edýän okuwa gatnaşyjylar serhet howpsuzlygyny üpjün etmekde toplumlaýyn çemeleşmeginiň peýdalary bilen tanyşdylar.
Okuw seminaryň netijesinde milli strategiýa we ony durmuşa geçirmek meýilnamasy ýaly strategiki çäklerini takyklamak üçin teklipler işlenip düzüldi.
Serhetleri dolandyrmagyň toplumlaýyn strategiýasy töwekgelçilikleri we howplary kesgitleýär, serhetaşa jenaýatçylyga garşy göreşdäki milli gulluklary we olaryň ornuny kesgitleýär, hyzmatdaşlygyň täsirli mehanizmlerini döredýär, şeýle hem bikanun migrasiýa we adam söwdasy, terrorçylyk, neşe serişdeleri, kontrabanda we beýleki serhetara howplary ýaly howpsuzlyk meselelerini çözmek üçin gulluklary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär.
Bu okuw seminar, UNOCT we UNCCT bilen hyzmatdaşlykda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA 10) çäginde gurnaldy.