This isn't an official website of the European Union

Türkmenistanda Ýewropa medeniýetiniň günleri şowhunly çäreler we çykyşlar bilen geçirilýär

Aşgabat, 24-nji noýabr 2024-nji ýyl – 18-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Ýewropa medeniýetiniň günleri başlady. Çäreler Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti bilen bilelikde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Ýewropa Bileleşiginiň agza-döwletleriniň, şol sanda Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistandaky Fransuz institutynyň gatnaşmagynda gurnaldy.

18-22-nji noýabr aralygynda Antonio Flintanyň triosy sazandalar, Aşgabat şäheriniň sazçylyk mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, şeýle hem jemgyýet üçin ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Bu sapaklar gatnaşyjylar üçin sazlaşygyň, ritmiň, owazyň we improwizasiýanyň esaslaryndan başlap, sazy ýerine ýetirmegiň inçe tilsimlerine çenli jaz barada gymmatly bilimleri hödürläp, bu saz žanryny täzeden kabul etmäge ylhamlandyrdy.

2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 22-ne Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli saz-drama teatrynda ýörite gala-konserti geçirdi. Konsertde iň ussat ýokary derejeli nemes sazandalary çykyş etdiler. Meşhur Klenke kwarteti, oňa goşulan dünýäniň dürli künjeklerinde opera teatrlarynda çykyşlary bilen tanalýan soprano Narine Egiýan we meşhur Berlin döwlet orkestryndan fagotist Alf Mozer, köp görnüşli maksatnamany hödürlediler. Konsert, öz çuňlygy, düri görnüşliligi we çeper hili bilen tanalýan nemes saz däp-dessurlary bilen jemgyýeti tanyşdyrdy.

2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 24-ne Magtymguly adyndaky drama teatrynda geçirilen Italiýaly Antonio Flinta triosynyň jaz konserti Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeleriniň birinji hepdesiniň iň ajaýyp jemleýji pursady boldy. Olaryň Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Türkmenistanyň Sazçylyk mekdebiniň talyplary hem-de mugallymlary bilen bilelikäki çykyşy bu agşamyň özboluşly aýratyn pursadyna öwrüldi. Bu hyzmatdaşlyk medeni alyş-çalyşygyň we sungat baýramçylygynyň birinji hepdesiniň ýatdan çykmajak we mynasyp tamamlanmagyny aňladyp, medeniýetleri birleşdirmekde aýdym-sazyň güýjini subut etdi.

Konsertdaky özüniň başlangyç çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Onuň Aly Hezretleri Hanym Beata Peksa, şulary nygtady: “Bu çäre Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda berk medeni baglanyşygy görkezýär. Bilelikde biz aýdym-saz, sungat we medeni alyş-çalyşyk arkaly biziň köp görnüşli medeniýetimizi bellemegiň we alyş-çalyşygyň däp-dessuryny döretdik”.

Aygul BASHIMOVA