Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy Türkmenistanda fitosanitar we weterinar gulluklaryň hyzmatlaryny, amallary sanlaşdyrmak arkaly kämilleşdirmekde dowam edýär
12-nji aprelde, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA 10), Türkmenistanyň oba-hojalyk ministrliginiň Türkmenistanyň ösümlikleri boýunça döwlet karantin gullugyna we Türkmenistanyň döwlet weterinariýa gullugyna resmi ýagdaýynda, umumy bahasy 57 068.82 ýewro bolan IT enjamlaryny gowşurdy.
Peýdalanyjy guramalar 60 sany kompýuter we monitorlary, 7 sany göçüm ekranly proýektorlary, 6 sany Wi-Fi router we 20 sany USB adaptery kabul etdiler. Bu enjamlar bar bolan sanly ulgam arkaly elektron resminamalar dolanyşygyny kämilleşdirmek üçin zerur bolup durýar. Kabul edilen enjamlar Türkmenistanyň ähli serhet gözegçilik nokatlaryna we welaýatlardaky müdirliklere paýlanylar.
Bu serişdeler, BOMKA 10 Maksatnamasynyň “Serhetlerden kanuny söwda akymlaryna goldaw bermek” atly 3-nji bölüminiň çäginde satyn alyndy we dolandyryş/sanlaşdyrma prosesslerine netijeli geçmekligiň üsti bilen peýdalanyjy guramalaryň dolandyryşynyň netijeligini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilendir.