Mähri Ilmedowa "IT-da diňe oglanlar däl!"
Men Aşgabatly programmist gyz.
Çagalygymda durmuşymy dil bilen baglanyşdyrmak, syýahat etmek, adamlar bilen duşuşmak üçin terjimeçi bolmagy arzuw edýärdim. 7-nji synpdan bäri tomusky dynç alyş merkezlerinde pul gazanyp, ähli serişdelerimi iňlis dilini öwrenmäge sarp etdim. Kompýuter we matematika derslerini gowy görüp baramokdym.
Mekdepden soň Halkara ynsanperwer we ösüş ylymlary uniwesitetine resminamalarymy tabşyrdym. Iňlis dilini öwrenmek hökmany diýen ýörelge bilen bu uniwersiteti saýladym. Hünärimi bolsa, beýlekiler ýaly, hödürlenýänleriň sanawyndan saýladym. Kompýuter inženerçilik ugry meniň üçin geljegi uly we gowy tölenjek hünär ýalydy. 18 ýaşymda bu hünäri diňe erkekler üçin diýip hasaplamaýardym, ýöne iş ýüzünde henizem gyzyň näme etmelidigi we etmeli däldigi barada düşünjäniň bardygy duýulýar.
Talyp wagtym köp bilim çärelerine işjeň gatnaşýardym. “Programmistler klubyny” esaslandyrdym. Meniň ýolbaşçylylgymda toparym Pekin şäherinde geçirilen halkara robot bäsleşiginde baýrakly ýere mynasyp boldy.
Okuwymy üstünlikli tamamlanymdan soňra uniwersitetde mugallym bolup galdym. Mugallym hökmünde onlaýn okuw taslamasy bilen Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň bäsleşiginde birinji ýeri eýeledim. Okuwçylary Olimpiada taýýarladym we GDG (Google Developers Group) seminarlarynda çykyş etdim. Ýaşlar bilen işlemekden we bilimlerim bilen paýlaşmakdan lezzet alýardym. Şol bir wagtyň özünde, men birnäçe onlaýn söwda we resminamalary dolandyrmak taslamalaryny ösdürmäge gatnaşýan IT kompaniýasynda işledim. Emma özümden bir zat oýlap tapmak pikiri meni terk etmedi. Birnäçe ýyl bäri bu ugurda hereket edýärin we ýakyn wagtda mobil goşundysyny işe girizmegi meýilleşdirýärin.
Aýal ýa-da erkek üçin adaty bolmadyk hünäri saýlan wagtyňyz, ynamsyzlyk, oňaýsyz garaýyşlara we soraglara taýyn bolmaly. Meniň ýagdaýymda, kursdaşlarymyň, soňra işdäki kärdeşlerimiň daşlaşmagy näçe güýçli bolsada, şonça-da aýallaryň kompýuter tehnologiýasyndaky erkeklerden erbet däldigini subut etmek isleýärdim. Maňa çydap bilmejekdiklerine aç-açan aýtdylar, meniň başarnygyma we bilimime şübhelendiler. Näme edýändigime we nädip işlemelidigime gaty gowy düşünýändigim üçin, beýle stereotipiň näme üçin dörändigi we diňe oglanlaryň oýlap tapýandygy maňa düşnüksiz.
Islendik işde jynsa we sosial ýagdaýyna garamazdan üstünlik gazanyp boljakdygyna ynanýaryn. Ussatlyk we bilim jemgyýetçilik stereotiplerinden we özüňi alyp baryş kadalaryndan ýokarydyr. Menden maslahat sorasalar, biderek wagt ýitirmän, köp okaň we gowy öwreniň, iş bilen nämä mynasypdygyňyzy görkeziň diýip jogap bererdim. Öz ýoluňyzy saýlaň we bir ýerde durmaň. Size görelde görkezmeýänleri, şol bir wagtyň özünde bir zady başaryp bilmejekdigiňizi aýdyp, sizi gynandyrjak bolýanlary diňlemäň.
Her bir gyzyň halaýan işinde özüni synap görmelidigine ynanýaryn. Risk ediň, öwreniň we bir ýerde durmaň