Ilkinji ÝB – Merkezi Aziýa sammiti 2025-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde geçiriler

Bu sammit Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen ikitaraplaýyn özara işleşigi çuňlaşdyrmakda we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmekde öz geosyýasy gyzyklanmasyny görkezmek üçin esasy pursatlaryň biri bolar. Russiýanyň Ukraina garşy bikanuny agressiw urşy we Owganystanda dowam edýän hadysalar bilen bellenilen üýtgäp duran geosyýasy landşaftyň şertlerinde, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar has artyk strategiki ähmiýete eýe bolýar.
“Biz haos we fragmentasiýa dünýäsinde ýaşaýarys we bu ýerde parahatçylyk hem-de gülläp ösmek üçin hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmak – ÝB üçin ýeketäk mümkin bolan çykalga bolup durýar. Köp polýar dünýäde has işjeň we maksatlaýyn özara işleşmek zerurdyr. Ilkinji ÝB – Merkezi Aziýa sammiti halkara hukugynyň kadalaryny doly berjaý edip, biziň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda bilelikdäki işimize ýykgynlygymyzy pugtalandyrar.” – Antoniu Koşta, Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti.
Sammitiň dowamynda ÝB özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda, şol sanda ulag hem-de sebitiň içinde we ÝB bilen sanly özara baglanyşyk, strategiki çig mal, ykdysadyýet we howpsuzlyk, ekologiki taýdan arassa we netijeli energiýa çeşmelerine geçişde hyzmatdaşlygy artdyrmaga ymtylmasyny tassyklar.
Maglumat
Soňky ýyllarda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ep-esli işjeňleşdi. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanda we 2023-nji ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanda liderleriň iki sany duşuşygy geçirildi. Mundan başga-da, minstrler derejesinde birnäçe ýygnaklar geçirilip, olaryň ahyrkysy 2023-nji ýylda Lýuksemburgda boldy. Onuň dowamynda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki ýol kartasy ylalaşyldy. Ýol kartasynda sammiti geçirmek barada borçnamany öz içine almak bilen sebitara gepleşikleri giňeltmek üçin anyk ädimler kesgitlenen.
ÝB – Merkezi Aziýa 20-nji ministrler duşuşygy 2025-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabat şäherinde (Türkmenistan) geçiriler we sammite taýýarlyga bagyşlanar.
ÝB 2019-njy ýylda ÝB-niň bähbitleri üçin sebitiň ösüp barýan strategiki ähmiýetini belläp geçýän we soňky ýyllarda sebitleýin hyzmatdaşlykda bolup geçen oňyn üýtgeşmelere esaslanýan Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýany kabul etdi. Täzelenen strategiýa, sebitiň has güýçli, synaglara has durnukly, gülläp ösýän we biri-biri bilen baglanyşykly ykdysady we syýasy giňişlige öwrülmegi üçin Merkezi Aziýa döwletleri bilen has berk, döwrebap we inklýuziw hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
ÝB sebitiň ikinji iň uly söwda hyzmatdaşydyr we Merkezi Aziýa goýlan ähli maýa goýumlaryň 40%-den gowragyna eýelik edýän iň iri maýadarydyr. Ikitaraplaýyn baglanyşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak üçin ÝB Türkmenistandan başga Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen Giňişleýin ýaranlyk we hyzmatdaşlyk barada Ylalaşygy (EPCA) baglaşdy.