This isn't an official website of the European Union

Agyr häsiýetli ýetginjekler. Begenç

17.03.2022

Bu waka “Keýik okara” jemgyýetçilik guramasynyň ýaşlar utgaşdyryjysy Subi Ibragimowa bilen geçirilen söhbetdeşlik esasynda ýazyldy.

Agyr häsiýetli ýetginjekler “Begenç”

Agyr häsiýetli ýetginjekler kimler? Näme üçin ýetginjekler agyr häsiýetli bolýarlar? Häzirki wagtda “töwekgelçilikli gylyk-häsiýetli ýaşlar” termini bar. Şeýle ýaşlar hakynda size gürrüň beresim gelýär.

Ýetginjekler şol bir çagalardyr, ýöne ulurak diýmeseň. Beýleki çagalar ýaly ýetginjeklere hem üns, görelde, howpsuzlyk gerekdir. Çagalar özbaşdak galanlarynda, ýagny ene-atalar olara ýeterlikli üns berip bilmeýän ýagdaýynda, görelde almak üçin birini gözläp başlaýarlar, başgaça aýdanymyzda “tanymal adamy”. Ýaş wagtynda düzgünleri bozýan adam tanymal hasaplanýar. Şeýle “tanymal adamy” Begenç hem özüne tapypdy. Begenç eýýäm 6 ýyldan bäri “Keýik Okara”-nyň iň gowy meýletinçileriniň biridir.

Illustration of a girl walking past a group of friends.

Men Begenç bilen öýümiň golaýynda tanyşdym. Begenç ene-atasynyň rugsat bermeýän zatlaryny edip, köçede köp wagt geçirýärdi. Olaryň Begenje gözegçilik edip bilmeýänligi aýdyňdy. Soňra men munuň hakykatdan-da şeýledigini bildim. Saglyk ýagdaýy sebäpli, Begenjiň ene-atasy oňa zerur ideg edip bilmeýärdi. Şol bir wagtyň özünde, töweregindäkiler öz wagtyny köçede geçirýän ýetginjegiň howpsuzlygy we abadançylygy barada alada etmeýärdiler. Bu bolsa Begenjiň polisiýada hasaba alynmagyna, dokuzynjy synpda ikinji ýyla galdyrylmagyna sebäp boldy. Oglanjyk umytsyzdy, we özüne nädip kömek etjegini bilmeýärdi. Şol sebäpli hem onuň umytsyzlygy agressiýa, ähli zady we ähli kişini inkär etmäge öwrüldi. Men ony “Keýik Okara” ýaşlar merkezine çagyrdym. Begenç razylaşdy.

Illustration of three people talking in front of a boy sitting alone at a table

Beýleki töwekgelçilikli häsiýetli ýetginjekler ýaly, Begenç hem hiç zat bilen gyzyklanmaýardy, gödek degişýärdi ýa-da asla jogap bermeýärdi. Merkezimizde ýetginjeklere meýletinligiň nämedigi, gapma-garşylyklary nädip çözmelidigi barada treningleri geçirilýärdi, çagalara ahlak terbiýesi berilýärdi. Begenç düýbünden täze tarapdan açyldy. Ol jogapkärçilikli, yhlasly, täze gelenlere öz ýalňyşlyklaryny gaýtalamazlygy öwredýärdi. Biz fotosurat boýunça ussatlyk okuwyny geçirdik we Begenji öz suratçymyz edip belledik. Begenç, ýetginjekleriň biri-birine öz bilimlerini we ukyplaryny geçirmäge kömek edýän “Deňlige deňlik” atly maksatnamasynyň lideri boldy. Begenç birnäçe wagtlap agyr häsiýetli ýetginjekler kategoriýasyndaky oglanlar bilen işleşdi we biziň merkezimize täze oglanlary getirdi.

Illustration of a photographer taking a picture of three people

Iň esasy zat, agyr häsiýetli ýetginjekler özleri üçin nämäniň gowudygyna we nämäniň olara zyýan ýetirýändigine göz ýetirmegidir. Çagalar, ýetginjekler üçin, beýleki islendik adamlara zerur bolşy ýaly, olaryň zehinleriniň ösmegi we höweslendirilmegi üçin howpsuz gurşaw gerekdir.

Illustration of a mechanic thinking about his academic training

Häzirki wagtda Begenjiň hemişelik işi ýok. Henizem onuň tehniki ýa-da hünär bilimi hakynda diplomy ýok. Begenç awtoýuwalgalarda işleýär, awtoulaglary duralga goýýar, abatlaýyş işlerini geçirýär, bölekleýin işleri ýerine ýetirýär, ýöne hiç hili ýagdaýda ogurluk etmäge ýol bermeýär. Indi ol özüniň kimdigini we näme isleýändigini anyk bilýär.

Cartoon of a family consisting of mother, father and child in which the child rides a scooter and the father walks with crutches.

Çagalar maşgalada, howpsuzlykda ýaşamalydyrlar. Çagalara mähir gerek, olara düşünmek, üns bermek we kabul etmek zerurdyr. Çagalar we ýetginjekler erbet bolup bilmeýärler. Gowy görelde almadyk ulular erbet bolýarlar. Öz çagalaryňyz barada alada ediň.

 

*Eger siz töwekgelçilikli häsiýetli ýetginjeklere tehniki ukyplary we ýörite orta bilimi almakda goldaw bermek isleseňiz, “Keýik Okara” jemgyýetçilik guramasyna +993 12 228185 we +993 12 229389 telefon belgileri arkaly ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.

 


Şeýle-de seret