This isn't an official website of the European Union

Şükurgeldi Myradow "Şükür hakynda siziň bilmeýän zatlaryňyz"

25.03.2022

Sen feministmi?

Ýetginjeklik döwrümden bäri men gender deňliginiň tarapdarydym we bu düşünjäni ýaşlar merkezlerinde we gündelik durmuşymda deň-duşlaryma ýetirmäge synanyşýardym. Şeýle-de bolsa, feminizm meniň üçin bir näbelli zat bolup durdy we men onuň wekilidigime şübhelenýärdim. Emma, feminizm barada teoriýany näçe köp öwrendigimçe, feminizmde hiç hili ýalňyşlygyň ýokdugyna düşünýärdim. Aslynda, feminizm we deňlik manydaşdyr. Ejemiň, uýamyň, ýegenimiň, dostlarymyň hem-de geljekki aýalymyň we çagalarymyň hukuklarynyň hormatlanmagyny, sesleriniň eşidilmegini we potensialynyň doly ösmegini isleýän bolsam, dünýäde gender deňligini öňe sürýän feministler we höwesjeňler has köp bolmalydyr. Şonuň üçin men feministligime buýsanýan we her kimiň deň bolan dünýäsine ýakynlaşmak üçin mümkin bolan ähli zady etmäge taýyn.

Kimden görelde alýarsyň?

Men öň meşhur adamlardan, žurnallardaky we sosial ulgamlardakylardan görelde alýardym. Ýöne tanyşmak, işleşmek, energiýa alyşmak mümkinçiligim bolan görelde hökmünde “hakyky” adamlar bilen deňäňde ýokarda agzap geçenlerim maňa hiç hili itergi bermeýändigine düşündim. Durmuşymy halkara gatnaşyklary bilen baglanyşdyrmak isleýänligim sebäpli, halkara meýdançasynda işleýän görnükli adamlar meni höweslendirýär.

Şeýle görelde alýanlarymyň biri UNFPA-nyň işgäri Ene Tüýliýewa we ÝUNESKO-nyň ozalky işgäri, häzirki wagtda garaşsyz bilermen Arina Myasoýeddyr. Hat-da olaryň bu zatlardan habaram ýokdyr, ýöne olaryň her bir hereketi, maslahaty, sosial ulgamlarda ýazýan makalalary ýa-da elektron poçta arkaly hatlary meniň durmuşymda ajaýyp täsir galdyrýar we maksatlaryma ýetmek üçin olar meni höweslendirýärler. Hersiniň özboluşly üstünlik ýoly bolup, olar köp sanly amala aşyran işleri, taslamalary we energiýalary bilen tapawutlanýarlar.

Ene “Ýaşlyk” atly ilkinji inklýuziw ýaşlar platformasyny döretdi! Onuň kömegi bilen ýurdumyzyň ýaşlary öz saglygy barada netijeli we dogry habarly bolup bilýärler, oňa has jogapkärçilikli çemeleşerler, sagdyn gatnaşykda bolarlar we mümkinçiliklerini ösdürerler. Arina Merkezi Aziýanyň ýaşlar giňişligi bolan CAYSPACE-iň awtorydyr. CAYSPACE şu günki iň möhüm meseleleri boýunça innowasiýa okuw kurslaryny hödürlemäge gönükdirilendir.

Geljekde menem, biziň dürlüligimiz arkaly hormat medeniýetini gurup, şunuň ýaly  meýdançanyň döredejisi bolup bilerin diýip umyt edýärin.

Adamlara göriplik edip gördüňizmi?

Elbetde! Kimdir biri beýle duýgynyň ýokdugyny aýtsa ynanmaryn, sebäbi göriplik bu bir tebigy duýgydyr. Mysal üçin, köp syýahat edýän adamalara degişlilikde “ak göripligi” başdan geçirdim. Adamlar syýahat eden ýurtlaryny öz kartasynda bellik etseler, men konferensiýalar, tejribe geçişleri ýa-da seminarlar boýunça uçmaly bolan, emma käbir sebäplere görä gidip bilmedik ýurtlarymy bellik edýärin. Şeýle-de bolsa, soňky döwürde has tejribeli we üstünlikli adamlar bilen tanyşanymda, asla göriplik duýamok, tersine, geljekdäki hyzmatdaşlyk we tejribe hem-de pikir alyşmak, hyzmatdaşlygy gurmak üçin bir mümkinçilik hökmünde garaýaryn.

Meşhur bolmak isleýärsiňmi?

Men garşy däl. Meşhurlyk bilen uly jogapkärçiligiň we köpçülige habar ýetirmek ukybynyň gelýändigini düşünýärin, şol bir wagtyň özünde, meşhur bolmak ýa-da adamlar tarapyndan tanalmak islegi adaty bir zat diýip pikir edýärin. Munuň şeýle boljakdygyna ynanýaryn. Halkara guramalarynda işlemek maksadym we ýaşlara, sebitime hem-de ýurduma wekilçilik etmek gaty hakykydyr. Bu gatnaşyklaryň dowamynda diňe bir täze adamlar bilen tanyşmak üçin däl, eýsem bir guramanyň adyndan çykyş etmek mümkinçiligimiň boljakdygy belli bolýar. Belki, bir gün, geljekde Türkmenistandan we Merkezi Aziýadan BMG-nyň ilkinji Baş sekretary bolaryn. Mümkin däl zat ýokdyr