This isn't an official website of the European Union

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti we BOMKA 10 Maksatnamasy jemgyýetçilik guramalar üçin taslamalary dolandyrmaklygynyň sikli boýunça iki günlük okuw geçirdi

25-26-njy sentýabrynda, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) bilen bilelikde, Türkmenistanda jemgyýetçilik  birleşikler üçin taslamalary dolandyrmaklygynyň sikli boýunça iki günlük okuw geçirdi.

Bu okuw ýerli jemgyýetçilik birleşikleriň taslamalaryny dolandyrmak mümkinçiliklerini ýokarlandyryp, hasabat beriş mehanizmlerini, bahalandyrmak we gözegçilik etmek, býujet düzmek, pul serişdeleri ýygnamak, işläp düzmek we meýilleşdirmek ukyplaryny berkitmekligine gönükdirilendir.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň esasy ileri tutýan ugurlarynyň biri ýerli jemgyýetçilik birleşmelerine goldaw bermekdir, sebäbi olar, şol sanda serhet ýaka sebitlerinde, jemgyýet bilen aragatnaşygyň üsti bilen ýurduň demokratik ösüşinde möhüm bolup durýarlar. Bu okuwyň netijesinde, jemgyýetçilik birleşmeleri amaly başarnyklaryny kämilleşdirdiler, täze kompetensiýalary özleşdirdiler we häzirki taslamalary gowulandyrmaga, işleriniň gerimini giňeltmegine we Ýewropa Bileleşigi we beýleki halkara donorlar tarapyndan maliýeleşdirmekligi almak üçin mümkinçiligi ýokarlandyrýan täze başlangyçlaryny işläp taýýarlamaga eýe boldular. Bu okuw çäresi Ýewropa Bileleşiginiň BOMKA 10 maksatnamasynyň bilermenleri, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň we maksatnamanyň durmuşa geçiriş toparynyň aktiw gatnaşmagynda geçirildi. 

Onuň Alyhezreti, Ilçi Beata Peksa, öz açylyş dabarasyndaky sözünde:“Ýewropa Bileleşigi jemgyýetçilik birleşiklerini olaryň demokratiýany goramakda möhüm orny eýeleýändigini belläp, olaryň has kuwwatly we has inklýyuziw jemgyýet bolmagyna ýardam etmekligini goldaýar. Biz gepleşikleri we hyzmatdaşlygy, Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän maksatnamalarynyň we syýasy başlangyçlarynyň üsti bilen dowam etmekligine gönükdirlendiris,” diýip nygtady.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni Merdan Arazmedow okuwyň netijeleri barada belläp geçdi:

“Bu okuw sapagy biz, gurama hökmünde diýseň peýdaly boldy. Biz taslamalary dolandyrmak mümkinçiliklerimizi giňeltdik, hasabat we serişdeleri ýygnamak barada has köp öwrendik, bu öz gezeginde bize indiki taslamalar üçin has köp serişdeleri toplamaga kömek eder. Biziň alan bilimlerimiz kämilleşmäge we tebigaty goramak pudagyna has köp täsir etmekligine mümkinçilik berer.”

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti we BOMKA 10 Maksatnamasy henizem Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň kämilleşdrimegine yzygiderli goldaw bermeginiň tarapdardygyny belleýär.

Aygul BASHIMOVA