Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Gökdepe kölüniň kenarynda "Ýaşyl Oýunlar" atly eko çäre geçirdi
3-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti #ForOurPlanet kampaniýasynyň çäginde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýeti we Agama alpinizm kluby bilen bilelikde "Ýaşyl Oýunlar" atly eko çäräni gurady. Bu çäre Geokdepe kölüniň kenarynda geçirildi we oňa 100-den gowrak gatnaşyjy ýygnandy. "Ýaşyl oýunlar" - a kenary arassalamak we sazak nahallaryny oturtmak maksady bilen ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti, Türkmenistanyň Daşky Gurşawy Goramak Ministrliginiň, Daşary Işler Ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda wekilçilik edýän ÝB agza ýurtlaryň ilçihanalary, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýeti, "Agama" alpinizm kluby, meýletinçiler, daşky gurşaw aktiwistleri, bloggerler we metbugat wekilleri gatnaşdylar.
EUDEL_TKM
Eko-çäre ýaryş formatynda bolup, Gyzyl kitaba girizilen we çöl gurşawyna laýyk gelýän sazak nahallaryny oturtmak, zir-zibil ýygnamak we eko-taslamalary işläp düzmek ýaly tapgyrlardan ybarat boldy. Netijede, 600 sany sazak nahallary oturdyldy we 835 kilogram zibil ýygnaldy.
Bu çäre, jemgyýeti daşky gurşawdaky bolup geçýän üýtgeşmeler barada habardar etmek we bu ugurda edilýän işleri ýaýbaňlandyrmakda bilelikdäki başlangyçlaryň netijeliligine, şahsyýetler we guramalar umumy maksat bilen bir ýere jemlenende oňyn üýtgeşmelere ýetiljekdigini görkezdi. Çäreden soň, gatnaşyjylar durnukly hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde özlerinden soň has arassa, ýaşyl kenar ýakasyny miras goýdular.
EUDEL_TKM
Çäräniň açylyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hanym Beata Peksa şeýle diýdi: “ÝB-niň Türkmenistana wekiliýeti hökmünde biziň maksadymyz ähli raýatlary we raýat jemgyýetiniň agzalaryny agaç ekmek, batgalyk ýerleri dikeltmek we ş.m. ýollar arkaly #ForOurPlanet hereketine goşulmaga ruhlandyrmakdyr. Bu ugurda edilýän her bir hereket möhümdir!”