Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan bilelikde “30 ýyllyk hyzmatdaşlygy: has oňaýly gelejegiň ugrunda hereketler" atly konferensiýasyny geçirýärler
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda - Aşgabatda, Ýewropa Güni we 30 ýyllyk hyzmatdaşlygy belleýän möhüm waka bagyşlanyp, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistana wekiliýeti we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygy: geljek üçin bilelikdäki işler» atly konferensiýasy guraldy.
Maslahatda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň we ştab-kwartirasynyň ýokary derejeli wekilleri we diplomatik korpusyň wekilleri, türkmen hökümet işgärleri we ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän sebit we milli taslamalaryň wekilleri ýygnandy.
Bu çäre, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Raşid Meredowyň we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakalanyň, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ilçisi Beata Peksanyň "ÝB we Türkmenistan - häzirki we geljekdaki hyzmatdaşlyk" atly panel diskussiýasy bilen başlandy. Çykyş edenler ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna göz aýladylar we mundan beýleki hyzmatdaşlygyň yollary barada ara alyp maslahatlasdylar. Raşid Meredow we Terhi Hakala häzirki wagtda yüze çykyan global kynçylyklar we olaryň öňüni almak üçin bar bolan mümkinçilikler barada öz pikirlerini paýlaşdylar, has berk gatnaşyklary ösdürmegiň we iki sebtiň köpçülikleýin gülläp ösmegi üçin serişdeleri ulanmagyň möhümdigini belläp geçdiler.
Maslahatyň çäginde Türkmenistan Hyzmatdaşlyk Guramasynyň açylyşy boldy. Halkara Söwda Merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak” we Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlygy (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän “Ýaşyl Türkmenistan üçin ÝB: syýasy dialog we klimat ugrunda hereketi 2024 – 2027” atly täze başlangyçlar bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçildi. Soňra Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi.
European Union
Maslahat öz işini bilim, söwda, howpsuzlyk we ýaşyl ykdysadyýet ýaly ugurlarda üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlyk taslamalaryna bagyşlanan bölümçelerde dowam etdiridi. Yaşlary bilim arkaly güýçlendirmek, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we durnukly tejribäni öňe sürmek yaly çykyşlar YB-Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň giň gerimini açdy.
Şol gün, agşam, ÝB delegasiýasy Ýewropa güni mynasybetli dabara geçirdi. Dabarada milli hyzmatdaşlaryň 300-e golaý, diplomatik korpusyň we halkara guramalaryň wekilleri, hususy sektor, raýat jemgyýeti, metbugat, ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama işgärleri we iň işjeň meýletinçiler ýygnandy.
European Union