ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti “Gyş kubogy-2024” Zehin bäsleşigini geçirdi
2024-nji ýylyň 8-nji dekabry, Aşgabat – Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Adam hukuklary gününe bagyşlanan dördünji her ýylky “Gyş kubogy-2024” zehin bäsleşigini üstünlikli gurnady. Çäre Aşgabat şäherinde geçirilip, ol şäheriň özünden hem-de welaýatlardan dürli gatnaşyjylary jemledi.
“Gyş kubogy-2024” takmynan 300 sany gatnaşyjydan ybarat bolan 42 sany toparyň akyl, tankydy pikirleniş we seljeriş ukyplaryny synady. Toparlar mekdep okuwçylaryndan we talyplardan, hususy we döwlet pudaklarynyň hünärmenlerinden we metbugat wekillerinden ybarat boldy. Köp dilli bäsleşik öz içine inklýuziwligi we has giň gatnaşygy üpjün edip, türkmen we rus dillerinde geçirildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda toparlar logika, çalt pikirlenmek we bir toparda işlemek ukyplaryny görkezip, bir minutyň içinde soraga dogry jogap tapmaly boldular.
“Triumf” ýeňiji topary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymlaryny we häzirki talyplaryny jemledi. “Galileo” topary ikinji oruna, “Ýapyk çäre” topary bolsa üçünji oruna mynasyp boldular.
Bu her ýylda geçirilýän turnir diňe bir bäsleşik däl. Bu ÝB-niň wekiliýetiniň adam hukuklaryny öňe sürmek we gepleşigiň, inklýuziwliligiň we ömürboýy bilim almagyň ruhuny ösdürmek ugrundaky ygrarlylygyny görkezýär. Şeýle hem, bu çäre gatnaşyjylara Ýewropa Bileleşiginiň baý medeniýetine, taryhyna we däp-dessurlaryna düşünmeklerini çuňlaşdyrmak üçin gymmatly pursat berdi. “Gyş kubogy-2024” ýaly çäreler adam hukuklarynyň, bilimiň we medeni alyş-çalyşygyň ähmiýetini belläp, ÝB-niň milletara baglanyşygyna bolan ymtylmasyny görkezýär.