ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy goldawa mätäç çagalara okuw esbaplaryny sowgat bermek däbini dowam etdirýär
2024-nji ýylyň 20-nji awgustynda “Mekdebe dolanyp geliş” kampaniýasynyň çäginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanyň Maýyplara goldaw merkezi bilen bilelikde goldawa mätäç maşgalalary we mekdep ýaşyndaky maýyplygy bolan çagalary goldamak maksady bilen şatlykly çäre gurnady. Çäre “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynda geçirildi. ÝB-niň wekilhanasy bu okuwçylara bilim ýolunda ýardam bermek üçin 50-den gowrak okuw esbaplaryny sowgat berdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy üç ýyldyr yzygiderli maddy kömege mätäç maşgalalaryň çagalaryna we maýyplygy bolan çagalara okuw esbaplaryny sowgat berýär. ÝB-niň bu başlangyjynyň Türkmenistandaky beýleki ilçihanalary we guramalary hem bu ugurda hereket etmäge we çagalaryň okuw ýylyna üstünlikli başlamagy üçin zerur bolan okuw esbaplary bilen üpjün etmäge ruhlandyrandygyna diýseň buýsanýarys.
Onuň Alyhezreti Ilçi Beata Peksa, ÝB-niň wekilhanasynyň işgärleri bilen bilelikde okuw sumkalaryny we esbaplaryny sowgat etdi. Ilçi çagalara ýüzlenip: "Ýewropa Bileleşiginde, biz – bilim almak diýilýän bu ajaýyp başdan geçirmäniň muşdaklarydyrys! Biz bilimiň jadyly güýjüne ynanýarys we ähli çagalary akademiki syýahatynda goldamagy maksat edinýäris. Göz öňüne getirip görüň: ajaýyp zatlar bilen doldurylan okuw esbaplaryny size berenimizde, biz diňe galamlar ýa-da depderler barada gürrüň edemzok, ol esbaplar her biriňize arzuwlaryňyza alyp barjak hazyna sandyklaryny beren ýaly!”