This isn't an official website of the European Union

ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk: Sepgitleriň jemlerini jemläp, biz geljege seredýäris

24-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2024-nji ýylda ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikleri agzalan we geljekki ýyla strategiki maksatlar goýulan bilelikdäki metbugat-maslahatyny geçirdiler. Çärä ýerli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle hem ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalaryň utgaşdyryjylary we dolandyryjylary gatnaşdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi hanym Beata Peksa Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, beýleki ministrliklere we edaralara, şeýle hem ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalara üstünlikli hyzmatdaşlyk we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyran we durnukly ösüş, sebitleýin arabaglanyşyk we inklýuziw ösüş ugurlarynda bilelikdäki maksatlary öňe sürmäge ýardam beren bilelikdäki başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine minnetdarlyk bildirdi. Ol 2024-nji ýylda ulag aragatnaşygy, ýaşyl energetika, söwdany ýeňilleşdirmek, adam hukuklary we medeni alyş-çalyş ýaly möhüm ugurlarda gazanylan ähmiýetli ösüşleri belläp geçdi. Hanym Peksa ÝB-niň Türkmenistanyň maksatlaryna laýyk gelýän umumy ähmiýetlere üns berip Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň artdyrmaga ykrarynyň bardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mähri Bäşimowa ÝB tarapyndan gelýän mizemez ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ymtylmasyny tassyklady. Ol ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalaryň ýurduň ösüşine oňyn täsirini belledi we bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň geljegi üçin ähmiýetini nygtap geçdi. Hanym Bäşimowa ulag arabaglanyşygy, ýaşyl energetika we söwdany ýeňilleşdirmek pudaklarynda başlangyçlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň ähmiýetli sepgitleri hem belledi.

Sepgitleriň ýyly

2024-nji ýyl Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin möhüm ýyl boldy. Iki tarap üçinem möhüm ähmiýete eýe bolan Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösüşi, has ähmiýetli sepgitleriň biri boldy. ÝB Türkmenbaşy-Türkmenabat demir ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagynda, elektron ulag resminamasynyň (e-CMR) girizilmeginde, şeýle hem Gazagystan bilen serhediň golaýynda ýerleşýän logistika merkeziniň döredilmegine ýardam berdi. ÝB-niň “Global Gateway” strategiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän bu başlangyçlar sebitleýin söwdany höweslendirmäge we logistikanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen.

Ýaşyl energetika we howanyň üýtgemegine garşy göreş pudaklarynda ÝB, metan zyňyndylaryny azaltmak we suw otlarynyň esasyndaky tehnologiýalary ulanmak bilen zeýkeş suwlaryny arassalamak boýunça başlangyç taslamalary öz içine alýan “ÝB ýaşyl Türkmenistan üçin” başlangyjyny işe girizdi. Döwlet edaralarynyň we pudaklaýyn hünärmenleriniň 150-den gowragy okuw sapaklaryny geçdiler. Şeýle hem, Mary şäherinde geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty ýaly möhüm çäreler ekologiki meseleleri çözmekde ýaşlary çekmegiň ähmiýetini belledi.

Söwda işini ýeňilleşdirmekde we kiçi we orta kärhanalara (KOK) goldaw bermekde-de möhüm ösüşler gazanyldy. Halkara Söwda Merkezi (ITC) taslamasy, 39 kanuny namalary terjime edip hem-de KOK-leriň 300-den gowrak wekillerini söwda işini ýeňilleşdirmek we elektron täjirçilik ugurlary boýunça okadyp, Türkmenistanyň BSG-e goşulmak prosesine ýardam berdi. Şol bir wagtda Ýewropanyň gaýtadan dikeldiş we ösüş banky 120-den gowrak kärhanalara maliýeleşdirmek üçin elýeterlilik üpjün etdi, olaryň 30% zenanlar tarapyndan dolandyrylýan. Şeýle hem, 199 sany kompaniýa üçin şahsy maslahat beriş hyzmatlaryny üpjün etdi.

Adam hukuklary ugrunda, 2024-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky 16-njy gepleşik, Türkmenistanyň raýatsyzlygy, zorlukly zähmeti we adam söwdasyny düýbünden ýok etmek boýunça ösüşini nygtap geçdi. ÝB kazyýet we türme ulgamlaryny özgertmek, jyns taýdan deňligi öňe sürmek we maýyplaryň hukuklaryny goramak üçin goldaw teklip etdi.

Medeni we bilim alyş-çalyşlar hem ösüş gazandylar: ýagny 120-den gowrak talyp we mugallymlar “Erasmus+” maksatnamasynyň mümkinçiliklerinden peýdalandylar. “Barokko-Bagşy” tury we Frankofoniýa ýaly medeni çäreler aragatnaşyklary pugtalandyrmaga we özara düşünişmäge ýardam berip, ýewropa we türkmen däp-dessurlaryny ýakynlaşdyrdy.

2025-nji ýyla garaýyş

2025-nji ýylda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk birnäçe esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmakda ünsüni jemlär:

Ulag we aragatnaşyk: ÝB sebitleýin söwdany giňeltmäge we logistika netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berip, Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösüşini goldamagy dowam etdirer. Mundan beýläk hyzmatdaşlygyň anyk ädimlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň mart aýynda ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýozef Sikelanyň sapary meýilleşdirilýär.

Ýaşyl energiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş: ÝB gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugrundaky taslamalara we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çärelere, şol sanda Howa, energetika we suw çeşmeleri pudagyna “Ýewropa Topary” (TEI) başlangyjyny durmuşa geçirmekde goldawyny artdyrar.

Söwda we maýa goýumlar: ÝB Türkmenistanyň BSG goşulmagyna ýardam bermegi dowam eder we “Merkezi Aziýada gülläp ösmek” maksatnamasy ýaly başlangyçlaryň kömegi bilen söwda amallarynyň ýeňilleşdirmek boýunça çärelerini artdyrar. “Gülläp ösmek” maksatnamasy söwda we möhüm pudaklarda maýa goýumlara gönükdiriler, şol sanda hem möhüm çig mallar.

Institusional pugtalandyrmak: ÝB Türkmenistanyň döwlet dolandyrylyşyny pugtalandyrmak, parahorçylyga garşy göreşmek, kazyýet we türme ulgamlaryny özgertmek we adam hukuklaryny öňe sürmek boýunça tagallalaryny goldar.

Inklýuziw jemgyýetini ösdürmek: ÝB zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge we ýaşlary çekmäge ýardam bermäge gönükdirilen başlangyçlary goldar. 2025-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa zenan-liderleriniň forumy zenanlaryň liderlikdäki we ösüşdäki ornuna bagyşlanar. Sebitleýin raýat jemgyýetiniň guramalarynyň (RJG) täze taslamasy ýaşlaryň gatnaşygyny artdyrar we RJG-laryň arasynda sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrar. ÝB şeýle hem, hususan-da zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge we ýaşlar başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilen grantlar arkalary ýerli RJG-leri goldamak isleýär.

2025-nji ýylda geçiriljek çäreler

Geljek ýyl birnäçe ýokary derejeli çäreler bilen bellener:

  • 2025-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek 8-nji partlamentara duşuşygy
  • 2025-nji ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa ministr derejesinde duşuşyk
  • Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň aprel aýynda Samarkand şäherinde geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa sammity
  • 2025-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ÝB-Merkezi Aziýa zenan-liderleriniň forumy.

ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk 2024-nji ýylda möhüm ösüş gazandy we geljekdäki hyzmatdaşlyga berk binýat goýdy. Iki tarapyň hem 2025-nji ýyl üçin garaýyşlary, ulag aragatnaşygy we ýaşyl energiýadan başlap, söwdany ýeňilleşdirmek we adam hukuklaryny goramak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. ÝB bilen Türkmenistan bilelikde durnukly ösüşe we sebitdäki durnuklylyga goşant goşup, bilelikdäki tagallalaryny dowam etdirmekçi.

Aygul BASHIMOVA